logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP DÜNÝÄŇ AÇARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrmak, ýurdumyzda kitaphana ugruny kämilleşdirmek maksady bilen «Kitap dünýäň açary» atly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Bu gepleşigiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Medeniýet güni hem-de Magtymguly Pyragynyň güni bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.