logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi, Medeni köpçülik işleri bölümi we «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap dünýäniň açary» ady bilen tegelek stolyň başynda ýazgy edildi.

Çykyş edenler: hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher pähminden dörän «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly täze kitaby halkymyza gowuşdy. Bu gymmatly kitabyň adyndan belli boluşy ýaly, Gündogaryň beýik danasy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenip geçildi. Geçen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň tutuş dowamynda söz ussadynyň hormatyna birnäçe jemgyýetçilik, syýasy çäreler geçirildi. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri täzeden-täze çap edilip halkymyza ýetirildi şeýle hem Ol barada Magtymgulyşynaslaryň, alymlaryň,ýazyjy-şahyrlaryň birnäçe ylmy işleri, monografiýalary, çeper eserleri çap edildi. Akyldar şahyrymyzyň ajaýyp eserleri dürli dillerde terjime edilip dürli halklaryň okyjylaryna ýetirildi diýip, uly buýsanç bilen çykyş etdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.