logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

2025-nji “Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýat kitaphanasyna 105 kitap dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berip, kitaphanada döwrebap tekjelerde guralan giňişleýin kitap sergilerine syn etdiler. “Bitaraplyk-belent maksatlara ruhlandyrýar” diýilip atlandyrylan esasy sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň türkmen dilindäki we daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de welaýat kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan ýapon dilindäki, ýapon halkynyň taryhy baradaky bir näçä kitaplaryň kitap sergisi guraldy.