Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler, Neşirleri abatlama we jiltleýiş we Kitaphanaara abonementi bölümleri, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky Döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde «Kitap-geçmişiň, şu günüň geljegidir» atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen birlikde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy düýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi.
Maslahatda ösüp gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan höwesi döretmekde kitaphanalaryň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Maslahatyň çäginde Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan «Kitap ynsanyň dosty» atly kitap sergi hem gurnaldy hem-de sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw etdiler.