logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP GELJEGE ÝOL GÖRKEZIJI ŞAMÇYRAGDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” esasynda «Kitap geljege ýol görkeziji şamçyragdyr» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň karary esasynda “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” kabul edilendigini, bu bolsa ilkinji nobatda kitaphanaçylary uly jogapkärçilige borçlandyrýandygy barada belläp, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan medeni syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň goşantlary çäksizdir diýip aýtdylar. Şeýle-de kitap adamzadyň ýaşaýyşy, ösüşi we kämilleşmegi üçin esasy gymmatlykdygyny, sebäbi kitabyň sahypalarynda ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanşykly ähli sowallara jogap tapyp bolýandygyny barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda talyplaryň kitap okamagyň ähmiýeti, ylym, bilim bilen bagly goşgulary, rowaýatly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady, çärä bagyşlanyp gurnalan göçme kitap sergisi hem çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.