logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP-GELJEGI, GEÇMIŞI, ŞU GÜNI BAGLAÝAN KÖPRI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölümleri bilen bilelikde, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitap-geljegi, geçmişi, şu güni baglaýan köpri» ady bilen kitaphana syny geçirildi. Ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary üçin uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby «Ýaşlar Watanyň daýançy» atky kitabynyň «Ýaşlar bilim ulgamynda» atly bölüminde ylym-bilim barada şeýle diýýär.

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris diýip belläp geçýär.

Kitaphana synyň çäginde çagalaryň dünýä garaýyşlary artdyrmak maksady üçin ýörite sorag-jogaply bäsleşigi gurnaldy. Olary toparlara bölüp «Aý» we «Gün» toparlara bölüp, gyzykly, çekeleşikli bäsleşik gurnady. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Kitaphana synyny geçirip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. «Türkmen-sporty» teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.