logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP GELJEGIŇ HABARY, GEÇMIŞIŇ SAPAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy» atly kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi.Çagalara kitabyň taryhyny, gymmatlylygyny gürrüň berildi. Şeýle hem çagalara kitaphanalara gelip bilimlerini artdyryp kitap okamagyny maslahat berildi. Şeýle-de çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.