logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy” ady bilen kitaphana işi barada söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bilelikde medeniýet ulgamynda, şeýle hem onuň aýratyn ugry bolan kitaphanalar we kitaphana işini hemmetaraplaýyn ösdürmekde, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitabyň adamzadyň durmuşynda deňsiz-taýsyz gymmatlykdygyny örän jaýdar belläp geçdiler. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Hut şonuň üçin hem ol adamy aň-düşünje ummanyna, ylmyň-bilimiň täze menzillerine, giňişliklerine tarap alyp gidýär diýip, söhbetdeşlige gatnaşanlar belläp geçdiler.
Bize işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlary sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.