logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap gymmatly hazyna

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap gymmatly hazyna” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler kitap gymmatly hazyna bolup, bilimiň açary hasaplanýandygy, adamy terbiýeleýän, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada wagyz etdiler. Şeýle-de kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy bolup, kitap okamagyň ähmiýeti barada rowaýatlarda, tymsallarda, hekaýalarda we nakyllarda giňişleýin beýan edilýändigi hakynda gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.