logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezinde dynç alýan çagalar bilen «Kitap halkymyzyň ruhy hazynasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we çagalarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen çagalary gyzyklandyrýan sorag-jogap alyşdylar hem-de bu ýerde kitaphana işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisine syn etdiler. Çagalar dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz buýsançlaryny goşgular arkaly beýan etdiler.