logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap-kalbyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde gymmatly edebi mirasy öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap-kalbyň açary” atly kitap sergisi gurnaldy.
Sergide bölümiň gaznasynda saklanýan neşirleriň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmen halky hemişe ruhy gymmatlyklara uly gadyr goýup, aýratyn ähmiýet beripdir.