logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP KALBYŇ AÇARY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Kitap kalbyň açary» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz, häzirki ajaýyp döwrümizde täze edebiýatlaryň yzygiderli neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň ähmiýeti we ýaş nesilleriň, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde kitabyň tutýan orny barada gyzykly gürrüňler aýdyldylar. Şeýle hem kitaphanamyzyň öz okyjylaryna ýokary derejede kitap we beýleki neşirler esasynda hyzmat edişi, barada aýtaryn aýdyp geçdiler. Ýaşajyk kitap söýüjileriň kitaba, okamaklyga bolan höwesini has-da aýtdyrmak üçin alnyp barylýan işler barada hem gyzykly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitap we kitaphana işine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.