logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap - meniň dostum

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda, Aşgabat şäherindäki “Gujurly bilim merkeziniň” dil öwrenýän zehinli ýaş okyjylarynyň gatnaşmagynda “Kitap - meniň dostum” atly meýilnama esasynda, halypa ýazyjy Hemra Şirow bilen duşuşyk söhbetdeşligi geçirildi.

Halypa ýazyjy Hemra Şirow çagalar bilen duşuşýandygyna örän begenýändigini, şeýle döredijilik duşuşyklaryna uly höwes bilen gatnaşýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi. Ýazyjynyň eserleriniň aglabasy çagalara bagyşlanýar. Şahyr çaganyň aň-bilime bolan höwesini oýarjak, tebigaty söýmeklige we töweregindäki adamlara düşünmeklige eltjek ýagşylyga çagyrýan çagalar üçin kitaplardygyny aýdyp, öz kitapçalary bilen tanyşdyrdy. Kitaplardaky şygyrlar özboluşly täsinlige eýe bolup, gyzykly çagalar dünýäsi bilen bagly düzülipdir. Şahyr duşuşykda çagalaryň aň-düşünjesini barlamak üçin düzen matematika dersi boýunça tapmaça goşgulary, edebi dilde arassa ýalňyşsyz gürläp bilmegi üçin, edebiýat sapagy bilen bagly ýaňlytmaç görnüşli goşgulary okap çagalar bilen sowal-jogap alyşdy. Çagalar öz gezeginde begenip tapmaça goşgularyň jogaplaryny berdiler. Halypa şahyr kitaplary köp okamagy, kitap bilen dostlaşsaň köp zady öwrenip bolýandygyny, wagtyňy bisarpa tutmazlygy çagalara öwüt-nesihat etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bölümlere gezelençde çagalary kitaplar bilen tanyşdyryp, olaryň özlerinden ulular bilen islendik wagtda gelip, gerekli kitaplaryny alyp bilýändigini aýtdylar. Çäräniň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.