logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap meniň dostum

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 84-nji çagalar bagynda “Kitap meniň dostum” ady bilen gürrüň geçirildi.
Ýaş nesilleri milli ruhda ýetişdirmek, olaryň aň-düşünjelerini ösdürmekde kitaplaryň orny örän uly bolup durýar. Aýratynam çagalar ertekileri diňlemegi has gyzykly hasaplaýarlar. Ertekileriň üsti bilen ondaky gahrymanlaryň häsiýetleri, bolup geçen wakalar pikirlenmäge has täsir edýär. Çünki körpeleriň irki ösüş döwründe berlen terbiýe olaryň aňyna berk ornaşýar. Çeper sözlülik, ýatkeşlik, pikirlenmeklik we ýene-de birnäçe häsiýetleri ertekilerden tapyp bolýar. Ertekiler göniden-göni aňa täsir edýär. Şu jähtden ugur alan ata-babalarymyz hut ertekileriň üsti bilen çagalary, perzentleri belent ruhda we ahlakda terbiýeläpdirler.