Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde «Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalynyň eýesi» Hemra Şirow bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Ýaş nesilleriň söýgüli ýazyjysynyň kitabyň döreýşi we ertekileriň, hekaýalaryň düzüliş aýratynlyklary barada beren gürrüňleri ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ussat ýazyjynyň «100 hekaýa», «Geliň gülüşeliň», «Gün bilen gürleşýän adam» atly kitaplarynyň ýaşlary terbiýelemeklikde ähmiýeti we onda ýerleşdirilen hekaýalaryň many-mazmuny dogrusynda beren gürrüňlerini okuwçylar uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halypa-şägirtlik mekdebini ýola goýup, ussat halypalar bilen tejribe alyşmaklyga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.