logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP NURDUR ÖMRÜMIZE ŞAMÇYRAG

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029–njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Kitap nurdur ömrümize şamçyrag» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerini, kitaphana işiniň we sanly ulgamyň, teleradiýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamyny has-da giňeletmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, elektron kitaplary we maglumat gorlary ýaş nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesi bolup durýandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.