Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň dürli künjegindäki orta mekdeplerde täsirli söhbetdeşlikleri, wagyz-nesihat işlerini, baýramçylyk dabaralaryny yzygiderli geçirýärler. Geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde kitap söýüji ýaşlar bilen has ýakyn aragatnaşyk saklap, olaryň kitaphanamyza yzygiderli gelmegi üçin uly höwes hem-de gyzyklanma döredýärler. Ýaňy-ýakynda hünärmenlerimiz paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda kitap söýüji ýaşlar bilen okamagyň, öwrenmegiň ähmiýeti barada «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitabyň gadyr-gymmaty barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanaçylarymyz höwesjeň we isleg bildirýän okuwçylary kitaphanamyzyň täze okyjylary hökmünde kabul edip, olara okyjy biletlerini gowşurdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.