logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP OKAN GULLAR MAGNYDAN DOKDUR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Kitap okan gullar magnydan dokdur» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup, ynsan ömründe kitabyň tutýan ornunyň örän ulydygyny, onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehiniňi ýiteldiji güýç bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nygtaýşy ýaly: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip jaýdar bellemegi, şeýle-de halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýandygy barada belläp geçdiler. Kitap okamagyň ähmiýeti hakynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň içinden hem erş-argaç bolup geçýändigi barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda okamaga, döretmäge, guramaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.