logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP OKAN ÝOL TANAR

Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýşa, durmuşa bolan gözýetimi giňdir.

Kitap adama edil howanyň, günüň, suwyň zerur bolşy ýaly, gerekdir. Sebäbi ol özüňi tanamagy, dünýäni öwredýär. Häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe geljege ynamly ýaşlarymyzyň kitaba, bolan çäksiz söýgüsi kalplarda gaýnap joşýar. Ynsanyň ýaşaýyş durmuşunda taryhymyzda we häzirki zamanda hem iň gymmatly hazyna ömrüňi nurlandyrýan kitapdyr. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynda döreýän ajaýyp kitaplary hem tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.

Söhbetdeşlikde şular dogrusunda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.