logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

Mary welaýat kitaphanasynyň «Hyzmat ediş» bölümi tarapyndan kitaphananyň okalga otagynda kitaphanamyza Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sowgat berlen kitaplaryndan sergi gurnaldy.

Sergide goýlan sowgatlyk kitaplar Ýaponiýanyň taryhy, medeniýeti, edebiýaty hakyndaky iňlis dilinde çap edilen kitaplardyr. Biz kitaphana hünärmenleri bu kitaplar bilen öz okyjylarymyzy tanyşdyrdyk. Daşary ýurt kitaplaryndan peýdalanmak, öwrenmek, tanyşmak isleýän okyjylarymyza kitaplary açyk gaznadan alyp peýdalanmak mümkinçiliginiň bardygyny düşündirdik.

Kitaplar bilimleriň egsilmez çeşmesidir, adamzadyň asyrlar boýy döreden ruhy baýlygydyr. Kitaplardan we beýleki metbugat eserlerinden köpçülikleýin peýdalanmagy guramakda medeni aň-bilim edaralarynyň esasy görnüşlerinden birisi bolan kitaphanalara uly orun degişlidir. Kitaphanalar, olaryň ilat arasynda kitaby ýaýratmak baradaky alyp barýan işleri umumy medeniýetiň aýrylmaz bir bölegidir.

Biz kitaphana hünärmenlerine işlemäge, zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunmyzy aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!