logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP-PÄHIM-PAÝHAS ÇYRAGY

KITAP-PÄHIM-PAÝHAS ÇYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap-pähim-paýhas çyragy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek diýip, nygtadylar.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.