logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP-PÄHIM-PAÝHAS ÇYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap-pähim-paýhas çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar watanyň daýanjy» diýip ýaş neslimize bildirýän ynamynyň ýokarydygyny, olara kitaphanalarda saklanýan tapylgysyz gadymdan bäri saklanylyp hem goralyp gelýän gymmatly maglumatlar bilen tanyşyp, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ylym- bilim, ahlak taýdan arassa, watansöýüji nesiller bolup ýurdumyzyň beýik adyny has-da beýgeltmek ugrunda uly işler alyp barmalydygyny we şol işler üçin çuňňur aladalar edilýändigi, gymmatly hazynalarymyzyň goralýan gorlary bolan kitaphanalarymyzy döwrebap hem-de her bir okyjynyň rahat kitap okap bilmekleri üçin hemme şertler döredýändigi hakynda giňişleýin nygtaldy.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda gaýtalanmajak milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.