logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP PÄHIM-PAÝHAS ÇYRAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda «Kitap pähim-paýhas çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde kitap egsilmez baýlykdyr. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Özi hem döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly oruny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Şonuň üçin hem ylmy gözlegde bolmak we kämillige gadam basmak ylmy garaýyşlaryň üsti bilen mümkin bolýar. Çünki geçmişde ata-babalarymyz baý golýazma çeşmelerini hem miras goýupdyrlar. Şeýle golýazma çeşmeleriniň özi bolsa öňi bilen pähimdar pederlerimiziň ylymdar bolandyklaryny, ylym ýolunyň nusgasyny kemala getirendiklerini görkezýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesini dowam edip, bilimli nesilleri kemala getirmäge giň mümkinçilikler döredilýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gymmatly eserleri okamaga, öwrenmäge, geljekki nesillere ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.