logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap-paýhas çeşmesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Kitap-paýhas çeşmesi“ atly söhbetdeşlik geçirildi.

“Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edilen söhbetdeşligiň başynda Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, Gülaýym Saparmedowa, Enejan Aşyrgeldiýewa dagylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän üstünlikler, milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga, okyjylary kitap okamaga çekmek boýunça kitaphanalarda alnyp barylýan işler, döredilýän giň mümkinçilikler dogrysynda gürrüň berdiler. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, ata Watanmyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek uly mertebe we bagtdyr.

Kämillik ýolunda ynamly öňe barýan, dogumdan don geýen türkmen ýaşlary bu bagtyýarlygyň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan, ajaýyp eserlerini ýol ýörelge, şamçyrag edinýärler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän tagallalary üçin, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.