logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KITAP PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY SORAG JOGAPLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde. Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda «Kitap Paýhas çeşmesi» atly sorag jogaply söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýaşlardan gelip gowşan kitaphana we kitaphana hakynda gyzykly soraglara kitaphana hünärmenleri tarapynda jogap berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle döwrebap söhbetdeşlikleri gurnamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.