logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP - PAÝHAS HAZYNASY

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 3-nji kitap dükanynda "Kitap - paýhas hazynasy" atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri, häzirki döwürde täze kitaplaryň yzygiderli neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň ähmiýeti we ýaş nesilleri, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde kitabyň tutýan orny barada gyzykly söhbet etdiler. Şeýle hem, kitaphana hünärmenleriniň öz okyjylaryna ýokary derejede hyzmat edişi barada durup geçdiler. Ýaş kitap söýüjileriň kitap okamaklyga bolan höwesini has-da artdyrmak üçin alnyp barylýan işler barada hem täsirli söhbet edildi.