logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP PAÝHAS UMMANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi,” Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap paýhas ummany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň alyp barýan işi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bölümiň gaznasy bilen tanyşdyryldy. Bu günki gün daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanma ep-esli artýar. Bölümiň esasy wezipesi daşary ýurt dillerini öwrenýän okyjylara hyzmat etmekden ybarat şeýle hem Türkmenistana degişli daşary ýurt dillerindäki edebiýatlarda bar bolan gymmatly çeşmeleri öwrenmek we okyjylara ýetirmek bolup durýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.