logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP RUHY HAZYNA

Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň hünärmenleriniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 61–nji çagalar bagynyň körpeje çagalary bilen bilelikde «Kitap ruhy hazyna» atly kitaphana syýahat gurnaldy. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen ertekiler okalyp, olaryň mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda rahat dynç alyp, okap öwrenmäge döredilip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.