logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP-RUHY HAZYNA

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Kitap-ruhy hazyna» atly gezelenç geçirildi.

Halkymyzyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Geçmişiň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň bolsa umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Kitap döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir.

Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.