logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap-ruhy tämizligiň açary

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Kitap-ruhy tämizligiň açary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler adamzadyň parh goýýan iň gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarynyň biri hem ömrüňi nurlandyrýan kitapdygyny, kitap egsilmez hazynadygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň kitapsöýüjiliginden ugur alyp, kitaphana işlerini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden kitaphana işgärleri kitabyň gymmaty, onuň adamzat durmuşynda tutýan orny hakynda söz açdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty eýýamlaryň jümmüşine ýaň salmagyny, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.