logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP SERGI

KITAP SERGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Gündogaryň beýik akyldary» atly kitap sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrlan ýylynda talyplaryň tejribe önümçiligini geçýän döwründe Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň gurnamagynda «Gündogaryň beýik akyldary» atly kitap sergi gurnaldy.

Sergimize Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda gurnaldy. Şeýle-de sergä gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda:–Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir–diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär.

Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.