logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP SERGILERIŇ TÄSIRLILIGI WE ÖZÜNE ÇEKIJILIGI

Kitaphanalaryň kitap sergileri kitaphananyň medeni – ruhy gymmatlyklaryň jemlenen merkezi bolup, neşir önümlerini okyjylar köpçüligine giňden wagyz etmekde täsiri uludyr. Kitaphana ulgamynyň işgärleri ýurdumyzda bolup geçýän her bir täzeligi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny nusgalyk derejede mynasyp dowam etdirýän belent mertebeli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan her bir syýasatyny täzeligi bilen giň halk köpçüligine, okyjylara ýetirýän wagyzçylardyr. Okyjylary kitap bilen tanyşdyrmaga uly mümkinçilikleri bermekde ähmiýetli bolan edebiýat agşamlary, okyjylar maslahatlary dürli söhbetdeşlikler geçirilýär. Şeýle hem, her bir şanly senelere bagyşlanan giňişleýin kitap sergileri kitaphanalaryň bezegi bolup, okyjylar bu guralýan sergilerden yzygiderli peýdalanýarlar. Häzirki döwürde ähli kitaphanalarda okyjylar bilen dürli tema boýunça taýýarlanýan sergiler özüniň ähmiýetini tapýar we okyjylary dürli görnüşleri boýunça özüne çekýär. Kitaphana okyjylary “Tanyş boluň, täze kitaplar!” atly baý-mazmunly sergiden täze çap edilen kitaplar bilen tanyş bolýarlar. Kitap sergileri kitaphanaçynyň gündelik işinde ýetirilmeli işleriniň biri bolup, okyjyda gyzyklanma döredip, serginiň üsti bilen edebiýatlary okamaklyga höweslendirýär.

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň döwletli tutumlaryna beslenip gelen, “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Arkadagly Serdar, Gahryman Serdar! Siziň bilen bagtyýar biz bagtyýar”, “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” , “Bedew bady bilen diňe öňe, jan watanym Türkmenistan!”, “Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň”, “Köp kitap okamak esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar”, ”Ýylyň ýubilýarlary”, ,“Köneürgenç we onuň şöhratly geljegi” ýaly kitap sergileri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Bu sergiler kitaplary okyjylara wagyz etmekde, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ilimiziň parahat eşretli zamanada ýaşaýan halkdygyny, bagtyýarlygyny açyp görkezmekde örän uly ähmiýete eýedir.

Aýtäç SARYÝEWA

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölüminiň kitaphanaçysy