Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan “Almaly, narly baglar” atly kitap sergisi gurnaldy.
Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, bagçylyk bilen bagly edebiýatlara hem orun berildi.
Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin, bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Sergä gatnaşyjylar ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.