Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli kitap sergisi gurnaldy.
Sergide Garaşsyzlyga bagyşlanan kitaplar ýerleşdirildi. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Sergä gatnaşyjylar ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.