logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Halkara ulag ulgamy» atly kitaba sergi gurnaldy.

Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we halkara ulag ulgamy barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň dürli yklymlaryna ýakyn, ösen ykdysady merkezleriň aralygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzda ulag aragatnaşygynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Bu okuw kitabynda halkara ulag guramalarynyň esasy görnüşleri, alyp barýan işleri, ösüş ugurlary, olaryň döremegine täsir edýän sebäpler görkezilýär. Halkara guramalaryna düşünje we kesgitleme berilýär, guramaçylyk-hukuk we dolandyryş meselelerine seredilýär, olaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki orny, şeýle hem köpugurly sebit we sebitara halkara guramalarynyň aýratynlyklary beýan edilýär. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynda tutýan ornuna aýratyn we giňişleýin häsiýetnama berilýär. Sergä gatnaşan talyp ýaşlar okuw kitabynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.