Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda ylymlaryň, bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphananyň içiniň aýratynlyklary hem-de türkmen halk ertekileriň birnäçesi bilen giňişleýin tanyşyp, “Kitap-ýaşaýşyň gözbaşy ” atly gezelenç gurnaldy. Şeýle hem gezelençde çaganyň terbiýeli bolup ýetişmegine has irki ýaşlardan üns bermek möhümdir. Çagalarda gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar. Olara okaýan kitaplarynyň sanynyň gün-günden artýandygyny görkezip, höweslendirip durmaly. Şonda çagalaryň belli bir wagtdan soň kitap okamaga bolan endigi kämilleşmäge başlaýar. Şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çaganyň söz baýlygy artýar, aň-düşünjesi giňelýär, köp zatlara akyl ýetirýär. Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýanlygy barada okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler.
Gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.