Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy” atly brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kitap okamak endiklerini ösdürmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höweslendirmek, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek barada giňişleýin beýan edildi. Çärä gatnaşyjylar “Kitaplar ruhy dünýämiz” atly kitap sergisini hem synladylar. Çäräniň dowamynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.