logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP-YLMYŇ MIWESI, MEDENIÝETIŇ GÜLÜDIR

KITAP-YLMYŇ MIWESI, MEDENIÝETIŇ GÜLÜDIR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap-ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr. Şu ýerde belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýazyjy hekaýasynda nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragy, onuň edebi mirasy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.