logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP YLYM-BILIM HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi talyp ýaşlar bilen “Kitap ylym-bilim hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaplaryň jemgyýeti kämilleşdirmekde ilkinji zerurlyk bolup durýandygy, adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, giň gözýetimli bolmagyna, biliminiň artmagyna uly ýardam berýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Mundan başga-da ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylyp, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hereket etmegi bilen kitap söýüjileriň sanynyň barha artýandygy hakynda-da belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy we pursatdan peýdalanyp döwrebap bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.