logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«KITAP-YLYM-BILIMIŇ ÇEŞMESI» ATLY SERGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi kitaphananyň gaznasyna täze gelip gowuşan neşir önümlerinden kitap sergisini gurnady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Ol eserler bu gün ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp dur. Kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän neşir önümleri we birnäçe okuw kitaplary, çeper edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi okyjylarymyz hem-de okuw tejribeligini geçýän talyp ýaşlarymyz üçin örän täsirli boldy. Ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.