logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitap – ynsan kalbynyň genji-hazynasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy “Kitap – ynsan kalbynyň genji-hazynasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler kitaphana işi ýurdumyzyň bilim, medeniýet we jemgyýetçilik ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ýurdumyzda kitaphanalaryň we kitaphana işiniň ilerlemeginde, bu ulgamyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ilata ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanalar taryhy we medeni gymmatlyklara, häzirki döwürde dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmelere degişli maglumatlary özünde jemleýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.