Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy esasynda «Kitap ynsan kalbynyň öçmejek çyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, kitaphana işiniň kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulup ulanylmaga berilendigi we bitewi elektron kitaphanalaryň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işi Türkmenistan döwletimiziň bilim, medeniýet we jemgyýetçilik ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, ýaşlarda kitaba bolan söýgüni artdyrmak, göçme kitap sergilerini guramak, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklary, döredijilik söhbetdeşlikleri, wagyz-nesihat işlerini geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda kitaphanaçylyk işini ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.