logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP-YNSANYŇ GÖWÜN GANATY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher ýörite orta hünär mugallymçylyk mekdebi, Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-Ynsanyň göwün ganaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky kitaba uly hormat goýupdyr. Muňa mysal edip asyrlardan-asyrlara, nesilden nesile geçen Magtymguly Pyragynyň günimize gelip ýeten ajaýyp eserlerini bellemek bolar.Ýaş nesilleri Watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde, olaryň kitaba bolan söýgisini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip gürrüňdeşlikde giňden belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.