logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAP–BILIMLER UMMANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby esgerleriniň gatnaşmagynda «Kitap–bilimler ummany» ady bilen kitaphana gezelenji gurnaldy.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilime, ylyma giň ýol açylandygy, kitap-adamzat nesliniň irki taryhy çeşmelerinden başlap häzirki döwrüň maglumatlaryny özünde jemleýän düýpsüz bir hazynadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky kitaba, söze, paýhasa uly sarpa goýýandygy, okamak ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýändigi barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda parahatçylygyň we abadançylygyň gymmatlygyna, döwrüň öňegidişliklerine akyl ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.