logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAP–BILIMLERIŇ ÇEŞMESI

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap–bilimleriň çeşmesi» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamynda alnyp barylýan işler döwrebap guralyp, bu işde dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Munuň özi kitaba uly sarpa goýýan halkymyzyň ruhy hazyna deňeýän kitaba bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna täsir edýär. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphananyň taryhy, geçmişi hem-de şu güni hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen gyzykly gürrüňleri berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.