logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Kitaphana barsaň açyk gapylar, ertekiler, tapmaçalar tapylar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Kitaphana barsaň açyk gapylar, ertekiler, tapmaçalar tapylar» ady bilen sesli okaýyş geçirildi.
Çärede türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolmagy, ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde ertekiler gymmatly hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk döredijiliginiň her bir žanry durşy bilen çaga we şahsyýet terbiýesine bagyşlanan, sanawaçlar, matallar, ýaňyltmaçlar, goşgular, ertekiler, rowaýatlar, bularyň ählisi hem bir tarapdan çaga düşünjesini, pikirleniş we sözleýiş ukybyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin niýetlenendigi barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.