logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

KITAPHANA BIZE GARAŞÝAR..

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary ekskursiýa geldiler. Kitaphana hünärmenleri ýaşajyk okyjylaryny güler ýüz bilen garşy alyp kitaphanamyzyň gurulyş aýratynlyklary hem-de kitaphanada alynyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Adyndan belli boluşy ýaly biziň kitaphanamyz çagalar kitaphanasy bolmak bilen okyjylarymyzyň esasy düzüm bölegini körpeje okyjylar düzýär. Şeýlelik bilen kitaphanamzyň baý kitap gaznasynyň aglaba bölegini çagalar ýazyjylarynyň eserleri tutýar.

Ekskursiýa gelen körpeje kitapsöýüjülerimiz hem kitaphanamyzyň “Mekdebe çenli çagalara we 1-3-nji synp okuwçylara hyzmat ediş” bölüminde wagtlaryny hoş geçirdiler. Ol ýerdäki ýaş okyjylarymyzyň öz elleri bilen çeken erteki gahrymanlarynyň suratlary hem-de ýasan şekilleri, ertekileriň gahrymanlaryny suratlandyryp döreden gurjaklaryny gyzyklanma bilen synladylar. Özleriniň söýgüli rus ýazyjylary bolan N.A.Nekrasow, A.S.Puşkin, M.Gorki ýaly birnäçe ýazyjydyr, şahyrlaryň kitaplaryny ellerine alyp okap görmekleri ýaş nesillerde kitap okamaklyga höwes döretdi. Mekdebiň mugallymlary hem-de okuwçylary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen kitaphana hünärmenleri bilen sorag-jogap alyşdylar.

Duşuşyga gelen ýaş nesillerimiz ýokary çeperçilik taýdan aýratynlygy, many-mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanýan kitaplary neşir edip okamaklyga, öwrenmeklige ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan minnetdarlyklaryny beýan etdiler.