logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Kitaphana – döwletli döwrüň ruhy baýlygy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphana – döwletli döwrüň ruhy baýlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde kitaphana işinde döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, jemgyýetde kitap okamaklyga bolan höwesi, söýgini has-da artdyrmak, okyjylara gerekli maglumatlary tapyp bermek kitaphana hünärmenleri üçin uly wezipe bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýändigi, sanly ulgam ornaşdyrylyp, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlarynyň ýola goýulandygy barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.