logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

KITAPHANA EKSKURSIÝA BARÝARYS...

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary ekskursiýa geldiler. Olary kitaphana hünärmenleri mähirli garşylap kitaphanamyzda hereket edýän bölümler, hem-de olarda alynyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Esasanda «Uly ýaşly okyjylara hyzmat ediş» bölüminiň kitap tekjelerindäki özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä bar bolan kitaplaryň many-mazmuny barada uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Kitaphanada özüňi alyp barmaklygyň kadalary hem-de kitaphanamyzyň hyzmatyndan peýdalanmaklygyň düzgünleri bilen hem ýaşajyk kitapsöýüjilere maglumat berildi. Kitaphanamyzyň diwarlyklaryndaky hemişelik hem-de wagtlaýyn kitap sergileriniň ähmiýeti dogrusyndaky berilen gürrüňler hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ekskursiýa gelmek bilen kitaphanamyzyň okyjylarynyň sanynyň artmagyna ýardam beren bu günki ýaşajyk okyjylarymyz hem-de olaryň mugallymlary kitaphana hyzmatyndan hem-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän kitap we kitaphana işiniň özleriniň bilim almaklarynyňda ähmiýetiniň ulydygyny bellediler.

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim almaklyga, öwrenmeklige döredilýän giň şertler üçin ýaş nesillerimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.