Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary ekskursiýa geldiler. Olary kitaphana hünärmenleri mähirli garşylap kitaphanamyzda hereket edýän bölümler, hem-de olarda alynyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Esasanda “Uly ýaşly okyjylara hyzmat ediş” bölüminiň kitap tekjelerindäki özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä bar bolan kitaplaryň many-mazmuny barada uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Kitaphanada özüňi alyp barmaklygyň kadalary hem-de kitaphanamyzyň hyzmatyndan peýdalanmaklygyň düzgünleri bilen hem ýaşajyk kitapsöýüjilere maglumat berildi. Kitaphanamyzyň diwarlyklaryndaky hemişelik hem-de wagtlaýyn kitap sergileriniň ähmiýeti dogrusyndaky berilen gürrüňler hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ekskursiýa gelmek bilen kitaphanamyzyň okyjylarynyň sanynyň artmagyna ýardam beren bu günki ýaşajyk okyjylarymyz hem-de olaryň mugallymlary kitaphana hyzmatyndan hem-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän kitap we kitaphana işiniň özleriniň bilim almaklarynda ähmiýetiniň ulydygyny bellediler.
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim almaklyga, öwrenmeklige döredilýän giň şertler üçin ýaş nesillerimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.